Zelenskiý Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Zelenskiý bilen Makron Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1770074
Zelenskiý Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ukraina tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Zelenskiý bilen Makron telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Iki lider, Normandiýa formatynyň çäginde 26-njy ýanwarda Fransiýanyň paýtagty Parižde maslahatyň geçirilmeginden hoşaldygyny belledi.

Zelenskiý bilen Makron, Ukraina bilen Fransiýanyň arasynda baglaşylan ykdysady şertnamalar we täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar