“Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasynda Söweş Ähtimallygyna Ünsli Çemeleşilmeli"

Zelenskiý Kiýewde Metbugatyň Wekilleri Bilen Söhbetdeş Boldy

1770108
“Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasynda Söweş Ähtimallygyna Ünsli Çemeleşilmeli"

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý; “Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda söweş ähtimallygyna ünsli çemeleşilmeli. Beýle aljyraňňylyk ýerliksiz” diýdi.

Russiýa bilen söweş bolan halatynda haýsydyr bir ýurdun goşunyny Ukraina söweşmek üçin ugratmajakdygyny beýan eden Zelenskiý; “Söweş bolaýanda haýsy ýurduň goşuny bizi goramaga taýýar? Ol bolmaz. Ol hem NATO üçin iňňän howply. NATO, egerde Ukraina alýansa goşulaýsa ony goramaga mejbur bolar. Bular NATO üçin iňňän agyr kynçylyklar. Käbir Ýewropa ýurtlary Ukrainany NATO goşman, howpdan çetde durmagy saýlap alýarlar. Emma indi doly söweş başlaýsa, ol käbir NATO ýaran ýurtlaryň serhetlerinde bolar” diýdi.

Günbatar ýurtlarynda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda söweş ähtimallygy sebäpli aljyraňňylygyň ýüze çykandygyna ünsi çeken Zelenskiý; “Ukraina bilen Russiýanyň arasynda söweş hakynda söz edilýärkä iňňän ünsli çemeleşilmeli. Britaniýada, Germaniýada, Fransiýada, Litwada metbugat söweş başlan ýaly edip görkezýär. Emma ol beýle däl. Şeýle aljyraňňylyk ýerliksiz” diýdi.

Söweşiň bolup bolmajakdygyny anyk aýtmagyň mümkin däldigini nygtan Wladimir Zelenskiý; “Uruşyň bolmagy ähtimal. Eger doly göwrümli uruş bolsa, onda Ukraina bilen ýa-da diňe bir döwletimiziň territoriýasy bilen çäkli söweş bolmaz. Maglumatlary we kiber hüjümleri hem öz içine alýan gibrit söweş bolar” diýdi.

Zelenskiý Ukrainanyň ähli şertler üçin taýýarlyk görendigini nygta, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy.

Zelenskiý; “Putin meni näme üçin Soçä çagyrýar. Lyžada topmak üçinmi? Eger şeýle bolsa Odessada duşuşaly, deňizde ýüzeris. Putin bilen duşuşmakdan gorkamok, ikiçäk ýa-da haýsydyr bir formatda bolar. Men taýýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar