Russiýa Ukraina Çozuş Etme Niýetiniň Ýokdugyny Beýan Etdi

Bu barasynda Russiýanyň Daşary işler minisitrliginiň Maglumatlar we metbugat departameniň başlygynyň Orunbasary Alekseý Zaýsew beýannama berdi.

1769642
Russiýa Ukraina Çozuş Etme Niýetiniň Ýokdugyny Beýan Etdi

Zaýsew wideo aragatnaşyk  ulgamy arkaly beren birifinginde Russiýa bilen günbataryň arasynda dowam edýän dartgynlyk we Ukrainanyň gündogary meselesi hakynda beýannama berdi.

Günbataryň Ukrainada şertleri dartgynlaşdyrýandygyna ünsi çeken Zaýsew; “NATO-nyň ýaranlarynyň Ukrainanyň gündogarynda çaknyşyga meçew bermekden we Ukrainanyň içerki meselelerine goşulyşmakdan el çekmegini tama edýäris. Ol, Ukrainadaky taraplaryň bar bolan düşnüşmezlikleri dialog arkaly çözmegini üpjün eder” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmaga dowam edýändigini aýdan Zaýsew, Ukraina çozuş etme niýetleriniň ýokdugyny nygtady.

Zaýsew; “Russiýanyň hiç kime hüjüm etmek islemeýändigini ençeme gezek beýan etdik. İki halkyň arasynda söweş pikirinem kabul etmeýäris. Emma Ukrainany gönükdirýän deňizaşa güýçler başgaça pikirlenýär. Olar Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi we ähli günbatryň özüne gönükmegi boýunça düzülen ssenara laýyklykda hereket edilmegini isleýärler” diýdi.

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň gündogarda NATO-nyň pozisiýasyny güýçlendirmek isleýändiklerini beýan edendigine ünsleri çeken Alekseý Zaýsew; “NATO Gündogar Ýewropada ýurtlardan güýçlerini yza çekse, harby dartgynlyk azalar. Biz şonuň üçin çagyryş edýäris. Ol, howpsuzlyk kepillikleri boýunça NATO hödürlän tekliplerimiziň esasy ugurlaryndan biri” diýdi.

 



Degişli Habarlar