NATO, Gazagystanda Başdan Geçirilýän Wakalar Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

Stoltenberg Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar hakynda metbugata beýannama berd

1759247
NATO, Gazagystanda Başdan Geçirilýän Wakalar Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Stoltenberg Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar hakynda metbugata beýannama berdi.

Baş sekretary beýannamasynda “Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Wakalarda adam pidasynyň çekilmegi bizi aladalandyrýar. Adam hukuklaryna sarpa goýulmaly” diýdi.

Gazagystanda suwklandyrýan gazyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy we ýurtdaky jemgyýetçilik ykdksady şertleriň ýaramazlaşandygy sebäpli 2-nji ýanwarda başlan protest ýörişleri, ýurduň iň uly şäheri Almatyda ýaragly çaknyşyklara öwrülipdi.

Prezident Kasym Jomart Tokaýew, ýörişlerden hökümetiň jogapkärdigi sebäpli hökümetiň iş başyndan çekilmegini isläpdi. Wakalaryň möwjändigi sebäpli ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edipdi.

Prezident Tokaýew, “Howpsyzlyk güýçlerine we harby goşuna, terrorçylary öldürmek üçin görkezme berdim” diýdi.



Degişli Habarlar