4 Aýda 800 Müň Migrant Owganystandan Eýrana Girdi

“Günde 5 müň owgan Eýran serhedine gelýär. Soňky 4 aýda Owganystandan Eýrana 800 müň migrant girdi"

1759007
4  Aýda 800 Müň Migrant Owganystandan Eýrana Girdi

 

Eýran soňky 4 aýda Owganystandan 800 müň migrantyň girendigini habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Norwegiýaly kärdeşi Hoýtfeld bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Owganystandaky we Ýemendäki krizis hakynda pikir alyşdy.

Howanyň sowamagy bilen Eýrana giren owgan migrantlaryň sanynyň artandygyny ýatladan Abdullahiýan “Günde 5 müň owgan Eýran serhedine gelýär. Soňky 4 aýda Owganystandan Eýrana 800 müň migrant girdi. Öýlerinden mahrum bolanlara Owganystanyň içinde ýardam bermek üçin tagalla edýäris”diýdi.

Abdullahiýan, Norwegiýanyň berjek ynsanperwer kömegini gara we howa ýoly arkaly migrantlara ýetirjekdiklerini aýtdy.

Norwegiýanyň Daşary işler ministri hem ýanwar aýynda Osloda Owganystandaky we Ýemendäki krizisi bilen arabaglanşykly maslahat geçirjekdiklerini nygtady we eýranly kärdeşi Abdullaniýany maslahata çagyrdy.


Etiketkalar: #migrant , #Owganystan , #Eýran

Degişli Habarlar