NATO-dan Russiýa teklip

NATO Russiýa 12-nji ýanwarda howpsuzlyk temasyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi

1753286
NATO-dan Russiýa teklip

NATO-nyň Metbugat gullugy tarapyndan berilen beýanatda, Russiýanyň we NATO-nyň wekilleriniň howpsuzlyk bilen bagly deslapky şertleri ara alyp maslahatlaşmak üçin NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň 12-nji ýanwarde maslahatyň geçirilmegini teklip edendigi bellenip: "Ýens Stoltenberg Russiýa-NATO geňeşiniň başlygy hökmünde 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda maslahat geçirilmegini teklip etdi. Russiýa bilen aragatnaşyk içindediris" diýip habar berildi. 

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow: "Russiýanyň we NATO-nyň gepleşikler geçirmegi manyly bolar" diýip belläpdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko bolsa: "Güni, modeli, formaty we wekiliýetiň düzüminde kimleriň boljakdygy bilen bagly meseleleriň üstünde işlenýär" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #maslahat , #NATO

Degişli Habarlar