“ABŞ, Owganystany Gündiz Basyp Aldy Emma Owganystandan Gije Sagat 00.00-da Gaçyp Gitdi”

" ABŞ syýasy we ykdysady taýdan Owganystan bilen henizem söweşýär"

1753080
“ABŞ, Owganystany Gündiz Basyp Aldy Emma Owganystandan Gije Sagat 00.00-da Gaçyp Gitdi”

Taliban, ABŞ-nyň syýasy we ykdysady taýdan Owganystan bilen henizem söweşýändigini habar berdi.

Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekiliniň orunbasary Şir Muhammed Abbas Stanikzeý, paýtagt Kabulda beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Owganystanda harby taýdan ýenilendigini emma syýasy we ykdysady taýdan henizem söweşýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Owganystanyň içeri işlerine goşulmaly däldigini aýdan Stanikzeý “ABŞ 2001-nji ýylda Owganystany gündiz basyp aldy we bu ýurtdan gije sagat 00.00-da gaçdy” diýdi.

ABŞ-nyň Owganystanyň elmagyny saklamagynyň dogry bolmandygygyny aýdan Stanikzeý, dünýäniň Owganystana berýän ynsanperwer kömeginiň ýeterlik däldigini we ýurduň başdan geçirýän kynçylyklaryny çözüp bilmejekdigini nygtady.

Owganystanyň goňşylary bilen söwda gatnaşyklaryny etmegi üçin serhetleriň açylmagy barada çagyryş beren Stanikzeý, owganlar üçin wiza ýeňilliginiň döredilmegini isledi.

Stanikzeý, “Biz ähli ýurtlar bilen ýakyndan gatnaşyk etmek isleýäris. Emma dünýä we esasan ABŞ Owganystanda garaşsyz hökümetiň gurulmagyny islemeýär we şol sebäpli hem Taliban bilen ylalaşyk gazanylmagyna garşy durýar” diýdi.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň 4 aýdan bäri garaşsyz ýagdaýda işleýändigini nygtan Stanikzeý, 4 aýdan bäri Talibanly güýçleriň aýlyk günlük almazdan howpsyzlygy üpjün edýändigini we olaryň takdyr edilmelidigine ünsi çekdi.

Stanikzeý, ýurtda zenanlaryň işlemek we bilim almak hukugynyň bardygyny emma Owgan medeniýetiniň Günbatarly ýurtlaryň medeniýetinden tapawutlydygyny belledi.

Taliban 4 aý ozal senýabr aýynda wagtlaýyn hökümet gurandygyny mälim etdi emma heniz hiçbir ýurt Talibanyň hökümetini resmi taýdan ykrar etmedi.

Talibany 1996-2001-nji ýyllarda Owganystanda häkimiýetiň başynda bolan döwründe diňe Pakistan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri resmi taýdan ykrar edipdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar