Hytaýda 66 Millionlyk Dinozawr Embriosy Tapyldy
Hytaýda 66 million ýyl ozaldan galan ýumurtgadan çykmadyk, zaýalanmadyk dinozawr embriosy tapyldy
1751054
![Hytaýda 66 Millionlyk Dinozawr Embriosy Tapyldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/29e1/c528/6d16/61c2ec5688397.jpg?time=1719183088)
Hytaýyň günortasyndaky Ganžou welaýatynda dişsiz Awiraptorozaur görnüşli dinozawra degişli ýumurtganyň galyndysy tapyldy. Ýumurtgadan çykjak kämillige ýeten dinozawr embriosynyň zaýalanmandygy habar berildi.
Birmingam uniwersitetiniň alymlaryndan Fion Waisum Ma; “Taryhda şu günki güne çenli tapylan iň gowy dinozawr embriolaryndan biri” diýmek bilen, açyşyň möhümdigini beýan etdi.
Açyşy eden alymlar embrioda kelläniň bedeniň aşak tarapyna we aýaklaryň hem ony tutýan görnüşde eplenendigini nygtap, onuň dinozawrlardan ozal gabat gelinmedik wakadygyny beýan etdiler.
Şol pozisiýanyň ýumurtgany ýarmak üçin taýarlanýan guşlara meňzeýändigi aýan edildi.