ABŞ Kovd-19 Kömek Pullaryndan 100 Milliard Dollar Ogurlandy

Häzirki vagta çenli 100 adamyň tussag edildi.

1750952
ABŞ Kovd-19 Kömek Pullaryndan 100 Milliard Dollar Ogurlandy

ABŞ-da koronavirus pandemiýasy sebäpli işden çykanlar ve kärhanalar üçin düzülen kömek maksatnamalary üçin bölünip berilen serişdelerden azyndan 100 milliard dollaryň ogurlanandygy beýan edildi.

Pandemiýa bilen galplygy derňemekden jogapkär ABŞ-nyň razvedka gullugynyň Utgaşdyryjysy Roý Dotson beren beýannamasynda razvedka gullugynyň gyzyklanýan meseleleri ABŞ-nyň Zähmet ministrliginden ve Kiçi kärhanalar edarasyndan alynan maglumatlar seljerilende pandemiýa kömeginiň çäginde edilen töleglerde galplyk edilendigini aýtdy.

Roý Dotson 3,4 trillion dollarlyk pandemiýa goldav maksatnamalarynyň çäginde geçirilen tölegleriň 3 göteriminde galplyk edilendigini aýtdy.

Şol mukdaryň esasy böleginiň işsizlik aýlyklarynyň töleginde ýüze çykandydygy beýan edilen bolsa, ABŞ-nyň Zähmet ministrligi 87 milliard dollara barabar işsizlik kömeginiň düzgünlere laýyk tölenmändigini ve esasy böleginiň galplyk hökmünde kabul edilýändigini habar berdi.

Razvedka gullugynyň işsizlik ätiýaçlandyryşy ve karz bermelerdäki galplyklary bilen bagly derňev işinde 1,2 milliard dollary saklandygy ve galplyk bilen gazanylan 2,3 milliard dollarlyk serişdäniň yzyna berendigi beýan edildi.

Pandemiýa töleglerindäki galplyk boýunça 900-den govrak kazyýet işiniň dovam edýändigi, häzirki vagta çenli 100 adamyň tussag edilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar