Eýran Täze Ylalaşyk Gazanmaga we Garşy Tarapyň Aladalaryny Ortadan Aýyrmaga Taýar
Eýranyň Daşary işler ministri,Omanly kärdeşi Bedr bin Hamed Al Busaidi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, “ýadro gepleşiklerinde täze ylalaşyk gazanmaga we garşy tarapyň aladalaryny ortadan aýyrmaga taýardyklaryny” aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä ministr Abdullahiýan, Omanly kärdeşi Bedr bin Hamed Al Busaidi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde ýadro ylalaşygy hakynda pikir alyşdy.
Sanksiýalar bes edilen halatynda ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirjekdiklerini aýdan Abdullahiýan, “Eýran, 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygynyň ähli ýeňilliklerinden peýdalanmagy üçin täze ylalaşyk gazanmaga we garşy tarapyň aladalaryny ortadan aýyrmaga taýar" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Sammitde Türkiýä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.