Husiler 3 Gämini Nyşana Aldy

Husiler, soňky 24 sagatda 3 gämini nyşana alandyklaryny mälim etdi.

2152892
Husiler 3 Gämini Nyşana Aldy

Ýemende iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, soňky 24 sagatda balistiki raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen 3 gämini nyşana alandyklaryny mälim etdi.

Husilerden berlen beýannamada, Gyzyl deňizde 2, Oman deňizinde bolsa 1 gäminiň balistiki raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana alynandygy nygtaldy.

Hüjümiň, Palestinada başdan geçirilýän wakalara, ABŞ-nyň we Britaniýanyň Ýemene guraýan hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen guralandygy ýatladyldy.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi bolsa Gyzyl deňizde Husilere degişli 1 gaýyk we 1 gämi bilen uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar