Kabulda Guralan Bombaly Hüjümlerde 2 Adam Ýogaldy

Deşti Beri etrapçasynda ozal hem birnäçe gezek ýaragly we bombaly hüjümler guralypdy.

1745918
Kabulda Guralan Bombaly Hüjümlerde 2 Adam Ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulyň günbatarynda ýerleşýän Deşti Berçi etrapçasynda guralan bombaly hüjümlerde 2 adam ýogaldy.

Wagtlaýyn hökümetiň Içeri işler ministriniň orunbsary Said Hosti, metbugata beren beýannamasynda, Kabulyň Deşti Berçi etrapçasynda 2 aýry bombaly hüjümiň guralandygyny aýtdy.

Hüjümlerde asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygyny aýdan Hoşti, 4 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Hüjümleriň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Hazara şaýylarynyň ýaşaýan ýeri bolan Deşti Beri etrapçasynda ozal hem birnäçe gezek ýaragly we bombaly hüjümler guralypdy.

Şaýylary nyşana alan hüjümleriň esasy böleginiň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne alypdy.



Degişli Habarlar