Amazonda Uly Tokaý Ýitgisi Emele Geldi

Soňky bir ýylda 13,235 inedördül kilometr tokaýsyzlaşmanyň emele gelendigi anyklandy

1736112
Amazonda Uly Tokaý Ýitgisi Emele Geldi

Amazonda Uly Tokaý Ýitgisi Emele Geldi

Braziliýanyň we dünýäniň iň uly tokaýlary bolan Amazonda 2020-nji ýylyň awgust aýy bilen 2021-nji ýylyň iýul aýynyň aralygynda 13,235 inedördül kilometr tokaýsyzlaşmanyň emele gelendigi anyklandy.

Braziliýanyň Milli kosmos barlaglary institutynyň görkezijilerine görä Amazondaky Garadagyň territoriýasyna barabar ululykdaky tokaý ýitgisi, soňky 15 ýylda 12 aýlyk döwürde görülen iň agyr ýitgi hökmünde bellige alyndy.

Sebitde 2020-nji ýylyň awgust aýy bilen 2021-nji ýylyň iýul aýynyň aralygynda ýüze çykan tokaýsyzlaşma geçen ýylyň degişli döwrüne görä 22 göterim artdy.

2019-njy ýylyň awgust aýy bilen 2020-nji ýylyň iýul aýlarynyň aralygynda sebitde 10,851 inedördül kilometr tokaý ýitgisi çekilen bolsa, 2006-njy ýylda bolsa şol mukdar 14,286 inedördül kilometre barabar bolupdy.

Braziliýa 2024-nji ýyla çenli ýylda 15, 2025-2026-njy ýyllar üçin bolsa 40, 2027-nji ýyl üçin 50 göterime barabar bikanun tokaýsyzlaşmany azaltma maksatnamasyny kabul edip, 2028-nji ýylda bikanun tokaýsyzlaşmany doly  ortadan aýyrmagy nazarda tutýandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar