Eýran ABŞ-na Degişli UHU-laryny Yza Serpikdirdi

Bu barasynda Eýranyň döwlet teleýaýlymy habar berdi.

1731234
Eýran ABŞ-na Degişli UHU-laryny Yza Serpikdirdi

Eýran Oman deňizinde howa goranyşyny kesgitleýin zolagyna giren ABŞ-nyň Harby howa güýçlerine degişli RQ4 we MQ-9 kysymly 2 sany uçarmansyz howa ulagyny yza serpikdirip, duýduryş berendigini beýan etdi.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynda berilen habara görä Eýranyň harby goşunlary ýurduň demirgazyk gündogaryndaky Sistan-Belujistan welaýatynyň Mekran kenarlarynda Zülfikär-1400 atly türgenleşik geçirýär.

Habarda türgenleşigiň dowamynda Eýranyň howa goranyşyny kesgitleýiş zolagyna giren ABŞ-nyň Harby howa güýçlerine degişli RQ4 we MQ-9 kysymly 2 sany uçarmansyz howa ulagyny yza serpikdirip, duýduryş berendigini beýan edildi.

Habarda ABŞ-nyň UHU-larynyň Eýranyň goşunlarynyň geçirýän türgenleşigi hakynda maglumat ýygnamak üçin sebite ugradylandygy öňe sürüldi.


Etiketkalar: #yza serpikdirmek , #UHU , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar