Ýaponiýada Kowid-19-a bilen bagly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni şu aýyň ahyrynda ýatyrylar

Ýaponiýada koronawirus epidemiýasyna garşy ýurdyň 19 welaýatynda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni şu aýyň ahyrynda bes ediljekdigi mälim edildi

1709109
Ýaponiýada Kowid-19-a bilen bagly girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni şu aýyň ahyrynda ýatyrylar

Kowid-19 bilen bagly öňüni alyş çärelerinden jogapkär Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzasy Nişimura Ýasutoşi, geçiren metbugat ýygnagynda wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň azalýandygyny habar berdi. 

Nişimura: "Kowid-19-a ýolugýan adamlaryň sany azalýar we Tokiodaky görkezjiler umuman alanyňda gowulaşdy" diýip aýan etdi. 

Öňümizdäki hepdäniň başynda Premýer ministri Suga Ýoşihide, Saglygy goraýyş ministri Tamura Norihisa we Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzasy Nişimura Ýasutoşi bilen epidemiýanyň soňky ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşar. 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni Ýaponiýada Tokio şäheri bilen onuň golaýyndaky 19 welaýatda dowam edýär. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 17 müň 297 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 681 müň 794 adama ýetdi. 

Ýurtda häzirki wagtda 1429 adam hassahananyň agyr keselliler bölüminde Kowid-19-a garşy bejergi alýar. 

 



Degişli Habarlar