Ýaponiýa Russiýa Reaksiýa Bildirdi

Ýaponiýa rus uçarynyň howa giňişligine rugsatsyz geçendigi sebäpli Russiýany berk protest etdi

1706080
Ýaponiýa Russiýa Reaksiýa Bildirdi

Ministrler kabinetiniň Baş Sekretary Kato Katsunobu geçiren metbugat ýygnagynda rus uçarynyň demirgazykdaky Hakkaidoda eden düzgün bozmasyna reaksiýa bildirdi. Rus uçarynyň düzgün bozmasyny “berk protest edýändiklerini” nygtan Kato, resmi Moskwa wakanyň gaýtalanmazlygy üçin çagyryş etdi. Russiýa protest notasyny berendiklerini beýan eden Kato, resmi Tokionyň howa giňişliginiň bozulmagynyň sebäbini analiz edýändigini aýtdy. Ýaponiýanyň goranmak ministrligi rus uçarynyň 12-nji sentýabr güni irden Hakkaidonuň demirgazyk gündogaryndaky Şiretoko ýarym adasynda howa giňişligini iki gezek bozandygyny habar beripdi. Ýaponiýanyň Goranyş güýçleriniň garşylyk görkezmeginden soň An-26 kysymly rus uçarynyň sebitden gidendigi baýen edilipdi.


Etiketkalar: #protest , #Russiýa , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar