Ukraina Ýene-de 4 Sany Uçarmansyz Howa Ulagyny Satyn Almak Isleýär

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Zalužniý, "Report" habarlar gullugyna beren beýannamasynda şu ýyl 1 sany TB2 uçarmansyz howa ulagyny satyn alandyklaryny belledi

1705690
Ukraina Ýene-de 4 Sany Uçarmansyz Howa Ulagyny Satyn Almak Isleýär

2021-2022-nji ýyllarda ýene-de 4 sany TB2 uçarmansyz howa ulagyny satyn almak isleýändiklerini aýdan Zalužniý “Geljekde şeýle dronlary ýerli mümkinçiliklerimiz bilen öndirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri Türkiýeden 2019-njy ýylda 6 sany Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagy bilen 3 sany ýer gözegçilik bekedini satyn alypdy.

2021-nji ýylyň iýul aýynda hem 1 sany TB2 uçarmansyz howa ulagy Ukrainanyň Deňiz güýçleriniň hataryna goşulypdy.


Etiketkalar: #satyn almak , #TB2 , #Ukraina

Degişli Habarlar