Germaniýada koronawirus epidemiýasy bilen bagly protest geçirildi

Polisiýa işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynly pursatlar emele geldi

1699190
Germaniýada koronawirus epidemiýasy bilen bagly protest geçirildi

Germaniýada rugsatsyz ýagdaýda protest geçirmek islän koronawirus epidemiýasy bilen bagly görülýän öňüni alyş çärelerine garşy bolan adamlara gözüňi ýaşardýan gaz ulanan polisiýa işgärleri, 80 demonstranty göz tussaglygyna aldy. 

Ýurdyň paýtagty Berlin şäherinde koronawirus epidemiýasy bilen bagly görülýän öňüni alyş çärelerine garşy bolan ýüzlerçe adam, düýn Federal mejlisiň ýerleşýän ýerine tarap ýöriş geçirdiler.  

Ýörişe böwet bolmak islän polisiýa işgärleri, demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandylar. 

Polisiýa işgärleri bilen demonstrantlaryň arasynda dartgynly pursatlar emele geldi. 

Wakada 80 demonstrant göz tussaglygyna alyndy, 4 polisiýa işgäri bolsa ýeňil ýagdaýda ýaralandy.



Degişli Habarlar