Ýaponiýadaky sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi

Ýaponiýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi

1693216
Ýaponiýadaky sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi

Ýaponiýanyň NHK döwlet habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, möwsümleýin tupanlardan soň başlan aşa ýagan ýagyşlaryň ýurdyň ençeme şäherinde gündelik gurmuşa ýaramaz täsir ýetirmäge dowam edýär. 

Kýodo habarlar agentliginiň ýerli resmilere esaslanyp beren habaryna görä, ýurdyň tapawutly welaýatlarynda tebigy apatlar sebäpli ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi. 

Meteorologiýa agentligi Hirosima şäherinde şu gün irden bolan 4,2 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýer süýşgünleriniň emele gelmegine sebäp bolan bolup biljekdigini habar berdi. 

Meteorologiýa agentligine görä ýagyşlar Kumamoto, Kagoşima, Ehime, Hirosima, Okaýama, Tokusima, Aiçi, Gifu, Şizuoka, Ýamanaşi we Nagano ýaly ýerlerde dowam eder. 



Degişli Habarlar