Peskow: "Türkiýe bilen gatnaşyklar örän möhüm" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň örän möhümdigini we sebitiň durnuklylygyny üpjün edýändigini mälim etdi

1669664
Peskow: "Türkiýe bilen gatnaşyklar örän möhüm" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, döwlet telewideniýesiniň "Rossiýa-1" kanalynda ýaýlyma berilen "Moskwa. Kreml. Putin" gepleşiginde beren beýanatynda, Türkiýäniň NATO agza bir ýurtdugyny ýatladyp: "Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz NATO agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup biljekdigimiziň mümkindiginiň we gereklidiginiň bir nusgasydyr" diýip belledi. 

Peskow Russiýanyň NATO bilen oturyp gepleşikler geçirip biljekdigini belläp: "Sebäbi diňe dialog içinde aladalaryňyzy garşy tarapa dogry ýagdaýda ýetirip bilersiňiz" diýip mälim etdi. 

Gatnaşyklary ýaňadandan başlatmak bilen bagly tagallalara garamazdan ultimatum bilen özlerine güntertip girizilýändigini aýdan Peskow, garşy tarapyň bu aksiýalarynyň dialogy mümkin bolmaýan ýagdaýa iterýändigini habar berdi. 

Alýansyň çaknyşykly aksiýalaryň daşynda başga ugurlara üns bermeýändigini aýdan Peskow, şol tagallalaryň materikde durnuklylygy bozýandygyny belledi. 

Peskow şolara garamazdan Russiýanyň NATO bilen konstruktiw gatnaşyklary ýola goýmak ugrundaky gyzyklanmalaryny goraýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar