Taliban Ýene-de 5 Etrabyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Taliban 124 etrabyň gözegçiligini ele geçirendigini öňe sürýär.

1669151
Taliban Ýene-de 5 Etrabyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Taliban soňky 24 sagatda Owganystanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Badahşan welaýatynda 5 etrabynyň gözegçiligini ele geçirdi.

Talibanyň Badahşanyň Warduç, Draim, Tegab, Kişim we Tişkan etraplaryna şol bir wagtda hüjüm gurandygy habar berildi.

Hüjümler sebäbpli 5 etrabyň gözegçiliginiň Talibana geçendigi, howpsyzlyk güýçleriniň etrap merkezlerinden çekilendigi nygtaldy.

Owganystanyň demirgazyk gündogarynda Täjigistan, Hytaý we Pakistan serhedinde ýerleşýän Badahşan welaýaty strategik ýerleşişi taýdan uly rol oýnaýar.

Welaýatda altyn magdany bilen birlikde birnäçe gymmatly magdan känleri ýerleşýär.

Owganystanyň günbatarynda Eýran serhedinde ýerleşýän Gerat welaýatynda hem Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Owgan ýolbaşçylaryna görä, soňky 2 aýdan Taliban azyndan 50 etrabyň gözegçiligini ele geçirdi.

Taliban bolsa 124 etrabyň gözegçiligini ele geçirendigini öňe sürýär.



Degişli Habarlar