Demirgazyk Koreýanyň lideri: "Hytaý bilen gatnaşyklarymyzy özgertmäge çalyşarys" diýdi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, koronawirus epidemiýasy tapgyrynda ykdysady kynçylyklara sezewar galan ýurdunyň Hytaý bilen gatnaşyklaryny özgertmek üçin tagalla etjekdigini mälim etdi

1668192
Demirgazyk Koreýanyň lideri: "Hytaý bilen gatnaşyklarymyzy özgertmäge çalyşarys" diýdi

Koreýanyň Merkezi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, Hytaý komunist partiýasynyň esaslandyrylmagy mynasybetli Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpini gutlady. 

Kim Çen Yn çap eden gutlag ýüzlenmesinde, ýurdy bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary özgertmek üçin tagalla etjekdiklerini aýan etdi. 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn: "Koreýanyň Zähmetkeşler partiýasy Hytaýyň Komunist partiýasy bilen bolan berk gatnaşygy bilen Koreýa-Hytaý dostlugyny wagtyň talabyna we iki ýurdyň halklarynyň tamasyna laýyklykda täze bir strategik nokada ýetirer" diýip beýan etdi. 

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Wynbin düýn beren beýanatynda, Demirgazyk Koreýa ynsanperwer kömek ugradyp biljekdiklerini belläp iki ýurdyň kynçylyklar başdan geçirilen mahallary biri-birlerine kömek etmek babatynda köne bir däbe eýediklerini habar berdi.



Degişli Habarlar