Ysraýyl ABŞ-dan 1 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Sorar

Amerikaly Senator Lindseý Graham Ysraýylyň ABŞ-dan 1 milliard dollarlyk harby kömek sorajakdygyny beýan etdi

1650187
Ysraýyl ABŞ-dan 1 Milliard Dollarlyk Harby Kömek Sorar

Ysraýyla guran saparynyň dowamynda ABŞ-nyň “Fox Nýus” teleýaýlymyna beýannama beren Graham; “Meniň pikirimçe ertir ýa-da penşenbe güni ysraýyllylar Pentagondan Ysraýyly goramak üçin peýdalanylýan “Demir Gümmez” batareýalaryny güýçlendirmek üçin 1 milliard dollarlyk kömek talap ederler” diýdi.

Amerikaly Senator, şol islegiň kanagatlandyrylmagy üçin Senatda öz üstünde düşýän borjy berjaý etjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň we hökümetiň soňky Ysraýyl-Hamas çaknyşygynda Ysraýyla “goldaw” berendigini beýan eden Graham, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň başdan geçirýän syýasy kynçylyklaryna garamazdan ABŞ bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň üýtgejegini pikir etmeýändigini mälim etdi.

Graham Netanýahuny “soňky 15 ýyldan bäri dünýäniň in güýçli liderlerinden biri” hökmünde häsýetlendirdi.

 



Degişli Habarlar