Kaliforniýa ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda guralan ýaragly hüjümde hüjümçi bilen birlikde 9 adam ýogaldy

1646441
Kaliforniýa ştatynda ýaragly hüjüm guraldy

San-Fransisko şäheriniň günortasyndaky San-Hoseniň Polisiýa departamendiniň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, polisiýa işgärleriniň şäheriň merkezindäki ýaragly hüjüme tiz wagtda garşylyk görkezendigi mälim edildi. 

Beýanatda Santa-Karla zolagynyň Şerif departamentiniň agzalarynyň wakanyň ýerine barandyklary bellenip: "Bu entegem dowam edýän aktiw bir waka, biz derňew geçirmäge dowam edýärkäk her kimiň ol ýerden uzak durmagyny haýyş edýäris" diýip duýduryş berildi. 

Birnäçe wagt soň metbugata beýanat beren San-Hoseniň polisiýa edarasynyň resmileri, hüjümde 8 adamyň ýogalandygyny habar berdiler. 

Şerifiň orunbasary Rassel Dewid, hüjümçiniň Santa-Klara Walleý transport edarasynyň işgäridigini aýan etdi. Dewid, hadysanyň örän täzedigini we täze maglumatlar üçin resmileriň işlerini dowam etdirýändigini beýan etdi. 

Öli ýagdaýda ele salynan hüjümçiniň adyny aýan etmedik resmiler, ýaralanan adamlaryň golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny mälim etdiler. 



Degişli Habarlar