BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi

"Palestinaly ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärleri we bejergi almaly gazalylar üçin gümrük geçelgeleri açylmaly”

1645834
BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi

 

BMG, Ysraýyla, bejergi almaly palestinalylaryň Gazadan çykarylmagy üçin gümrük geçelgelerini açmagy barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç gündelik metbugat ýygnagynda “Beýt Hanun gümrük geçelgesi halkara ynsanperber kömek guramalary üçin açyk, emma 11-nji maýdan bäri palestinalylar üçin ýapyk. Palestinaly ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärleri we bejergi almaly gazalylar üçin gümrük geçelgeleri açylmaly” diýdi.

Dužarriç, Gazanyň ähli gümrük geçelgeleriniň açylmagy üçin çagyryş berdi.

Ysraýyl Kerm Abu Salim we Beýt Hanun gümrük geçelgelerini diňe ynsanperwer kömek guramalary üçin açypdy.



Degişli Habarlar