Palestinanyň Daşary Işler Ministri Yrakda saparda Bolýar

Yrak Palestina uly goldaw berýär

1644344
Palestinanyň Daşary Işler Ministri Yrakda saparda Bolýar

 

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Maliki resmi sapar bilem Yraga bardy.

Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin Palestinaly kärdeşi Riýad Maliki bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, Palestinada başdan geçirlen soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Palestina bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşyga ünsi çeken Hüseýin “Bu ylalaşykdan palestinaly toparlar ýerlikli peýdalanmaly. Palestinalylaryň arasynda aç-açan we içgin gepleşikler geçirilmeli” diýdi.

Yragyň Palestina uly goldaw berýändigini aýdan Fuad Hüseýin “Yrak bilen Palestinanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda bilelikdäki komitetiň döredilmegi hakyndaky gepleşikler ýakynda Ramallah şäherinde başlar” diýdi.

Yrak bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çeken Maliki hem “Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmeginiň yzy ýanyndan Bagdada geldim. Yrak-Palestina gatnaşyklary biziň üçin uly ähmiýete eýe. Resmi Bagdat bilen edýän hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegi maksat edinýäris” diýdi.

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Maliki saparynyň çäginde Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazymi we Prezident Berhem Salih bilen hem duşuşdy.



Degişli Habarlar