Kowid-19 Wirusy Laboratoriýadan Ýaýradymy?

ABŞ bu garaýyşy ýaňadandan gün tertbine getirýär

1644425
Kowid-19 Wirusy Laboratoriýadan Ýaýradymy?

ABŞ-nyň howpsuzlyk gullugynyň habarnamasy täze görnüş koronawirusyň Hytaýdaky Uhan laboratoriýasyndan ýaýrandygy hakyndaky çekeleşikleri ýaňadandan gün tertibine getirdi.

Amerikanyň “Woll Strit Jornal” gazetiniň ABŞ-nyň howpsuzlyk gullugynyň habarnamasyna esaslandyrýan habarynda, şol habarnama görä 2019-njy ýylyň noýabrynda Uhandaky laboratoriýada işleýän 3 bilermeniň wirusyň we grippiň simptomlaryna meňzeş ýarawsyzlyk bien hassahana ýüz tutandygyny öne sürüldi.

Gazete beýannama beren we adynyň tutulmagyny islemeýän käbir resmiler şol maglumatyň henizem goldanmaga mynasyp ynam derejesine eýedigini nygtaýan bolsa, käbirleri habarnamanyň mesele bilen bagly iň güýçli we delilli maglumatlardan biridine ynanýandyklaryny mälim etdi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp ençeme gezek wirusyň ýaýramagy sebäpli resmi Pekini günäkärläp, Amerikan razwedkasynyň geçen ýylyň ahyrynda çap edilen habarnamasynda Kowid-19-yň Uhandaky laboratoriýadan ýaýrandygy bilen bagly görkezijiler hakynda beýannama beripdi.

Resmi Pekin şol habarlary çürt-kesik inkar eden bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş mimnistrliginde meseläni öwrenýän topar wirusyň şol laboratoriýadan ýaýrandygy hakyndaky habarlaryň hakykata bap gelmeýändigini beýan edipdi.

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #laboratoriýa , #Uhan , #Kowid-19

Degişli Habarlar