Jo Baýden, 21-nji Maýda Ak Tamda Günorta Koreýanyň Prezidenti In Bilen Duşuşar

Jo Baýden Ak Tamda ilki Ýaponiýanyň Premýer ministr Suga Ýoşihidäni kabul edipdi.

1631686
Jo Baýden, 21-nji Maýda Ak Tamda Günorta Koreýanyň Prezidenti  In Bilen Duşuşar

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 21-nji maýda Ak Tamda Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže In bilen duşuşar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda “Prezident Baýden 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Ak Tamda Günorta Koreýanyň Prezidenti Muny kabul eder” diýdi.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Munyň saparynyň çäginde ABŞ bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky güýçli hyzmatdaşlygyň we iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň seljeriljekdigini nygtan Psaki, özara gatnaşyklary güýçlendirmek we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin Baýdeniň Muna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny ýatlatdy.

2021-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda ABŞ-nyň prezidenti wezipesine başlan Jo Baýden Ak Tamda ilki Ýaponiýanyň Premýer ministr Suga Ýoşihidäni kabul edipdi.

Iki lider 16-njy aprelde Ak Tamda duşuşypdy.

Mun, Baýden bilen Ak Tamda duşuşjak ikinji lider bolar.



Degişli Habarlar