Entoni Blinken Owganystana 300 million dollarlyk goşmaça pul kömeginiň beriljekdigini habar berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ýurdunyň Owganystana 300 million dollarlyk goşmaça pul kömegini berjekdigini habar berdi

1626431
Entoni Blinken Owganystana 300 million dollarlyk goşmaça pul kömeginiň beriljekdigini habar berdi

ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini 11-nji iýuldan ozal dolulygyna çekmek bilen bagly karar güntertipde galmaga dowam edýär. 

Entoni Blinken mesele bilen bagly beren beýanatynda, Waşingtonyň Kabula goldaw bermäge dowam etdijekdigini mälim etdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken: "Owganystanyň halkyna we maýa goýum bilen bagly beren wadalarymyzyň bir bölegi hökmünde 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy we ABŞ-nyň Halkara galkynyş agentliginden Owganystana 300 million dollarlyk goşmaça pul kömeginiň berilmegi üçin Kongres bilen bilelikde işleşýäris" diýip belledi. 

Bu kömegiň aslynda 2020-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Owganystan Donorlar konferensiýasynda berilmäge meýilleşdirilendigini aýdan Blinken, emma ABŞ-nyň Owganystana goldawynyň dowam edýändigini görkezmek üçin şugünki gün güntertibe gelendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar