Braziliýada Kowid-19-yň täze bir görnüşi hasaba alyndy

Braziliýada koronawirusyň täze bir görnüşine gabat gelindi

1612813
Braziliýada Kowid-19-yň täze bir görnüşi hasaba alyndy

San-Paulu ştatynda biologik ylmy-derňew geçirýän Butantan institutynyň başlygy Dimas Kowas, Kowid-19-yň Günorta Afrika görnüşine meňzeş aýratynlyklara eýe bolan täze bir görnüşiň hasaba alynandygyny mälim etdi. 

Wirusa ýolugan adam Günorta Afrika syýahat etmedi we ol ýere syýahat eden hiç kim bilen aragatnaşykda bolmady. 

Dimas Kowas, şol sebäpli täze görnüşiň ýurdyň Amazon welaýatynyň Manaos şäherinde ýüze çykan has ýokanç bolan görnüşiň mutasiýa sezewar bolan görnüşi bolup biljekdigini habar berdi. 

Wirusa ýolugan adamlar bilen aragatnaşykda bolanlar karantin astyna alyndy. Kowid-19-yň täze görnüşi häzirlikçe diňe 1 adamda gabat gelindi. 

Takmynan 700 müň ilatly Sorokaba şäheri, Braziliýada Kowi-19-yň iň köp zyýan ýetiren San-Paulu ştatynda ýerleşýär. Ilaty 210 milliondan geçen Braziliýa, ABŞ-dan soň epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýurtlaryň başynda gelýär. 


Etiketkalar: #koronawirus , #Braziliýa

Degişli Habarlar