BioNTech-Pfizer 2021-njy Ýylda 2,5 Milliard Dozalyk Sanjym Öndürer

“Görlen goşmaça çäreler bilen önümçiligiň has-da artdyrylmagy üçin tagalla edilýär”

1611507
BioNTech-Pfizer 2021-njy Ýylda 2,5 Milliard Dozalyk Sanjym Öndürer

BioNTech-Pfizer, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 2,5 milliard dozalyk sanjym öndürmegi maksat edinýär.

BioNTech tarapyndan berlen beýannama görä, şärigi Pfizer derman firmasynyň önümçilik mümkinçiliginiň artdyrylmagy bilen 2021-nji ýylyň ahyryna çenki 2,5 milliard dozalyk Kovid-19 sanjymynyň öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Pfizer ozal 2021-nji ýylda 2,3 ýada 2,4 milliard dozalyk sanjym öndürmegi meýilleşdirýändigini mälim edipdi.

BioNTech tarapyndan berlen beýannamada “Görlen goşmaça çäreler bilen önümçiligiň has-da artdyrylmagy üçin tagalla edilýär” diýildi.



Degişli Habarlar