Bab Etrabynda Ulaga Goýlan Bomba Ýaryldy

Hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

1605117
Bab Etrabynda Ulaga Goýlan Bomba Ýaryldy

 

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etrabynda ulaga goýlan bomba ýaryldy.

“Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen 2017-nji ýylda terrordan saplanan Bab etrap merkezinde ulaga goýlan bomba ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 1 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy. Hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygy öňe sürülýär.



Degişli Habarlar