"Eýran bilen söweşmek islemeýäris, emma gerek bolan halatynda jogap bermäge taýardyrys"

Makkenzi Liwanda LBC telewideniýe kanalyna beýanat berdi

1601951
"Eýran bilen söweşmek islemeýäris, emma gerek bolan halatynda jogap bermäge taýardyrys"

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriň serkerdesi Kennet. F. Makkenzi ýurdunyň Eýran bilen söweşmek islemeýändigini, emma gerek bolan halatynda jogap bermäge taýardyklaryny habar berdi.

Liwanda LBC telewideniýe kanalyna beýanat beren Makkenzi, Waşingtonyň soňky 2 ýylda Tährana garşy maksimum derejesede basyş syýasatyny alyp barýandygyny, emma Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň bu usuly gözden geçirýändigini mälim etdi. 

Makkenzi, Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň Saud Arabystanyna guraýan hüjümlerini agressiw bir hereket hökmünde häsýetlendirdi. 

"Eýranyň wekilçilikli söweşlerini alyp barýanlar tarapyndan Yrakdaky harby güýçlerimize garşy guralýan hüjümler agressiw bir hereketdir" diýip aýdan Makkenzi, Kasym Süleýmaniniň öldürilmegi bilen bagly ar almak howpuna garşy Amerikan güýçleriniň jogap bermäge taýardygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #Husiler , #Ýemen , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar