“Katar Bilen Türkiýe Ýakyn Hyzmatdaş”

"Türkiýe bilen Kataryň ýakyndan gatnaşyk edýär, yzygiderli ýagdaýda sebitara we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşýar"

1600074
“Katar Bilen Türkiýe Ýakyn Hyzmatdaş”

 

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani, ýurdunyň Türkiýe bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sany, Twitterden beren habarnamasynda, Kataryň paýtagty Dohada türk kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşmakdan hoşaldygyny belledi.

Al Sani, Türkiýe bilen Kataryň ýakyndan gatnaşyk edýändigini, yzygiderli ýagdaýda sebitara we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşýandygyny nygtady.

Kataryň Daşary işler ministr, düýn ýurdunyň paýtagty Dohada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen bolan duşuşygyndan soň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahat geçiripdi.



Degişli Habarlar