Stoltenberg: "Türkiýe möhüm bir hyzmatdaş" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýäniň möhüm bir hyzmatdaşdygyny belläp: "Diňe karta seredip hem şoňa göz ýetirip bilersiňiz" diýip nygtady

1598272
Stoltenberg: "Türkiýe möhüm bir hyzmatdaş" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Stanford uniwersitediniň Halkara howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan geçirilen "NATO-nyň uýgunlaşmagy" temaly wideo konferensiýa gatnaşdy.

Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almagy bilen baglanşykly soraga Stoltenberg: "NATO agza ýurtlaryň arasynda tapawutlylyklaryň barlygy täze bir zat däl, alýans bu tapawutlylyklary, düşünişmezçilikleri, meseleleri maslahatlaşmak we şolara çözgüt tapmak üçin gowy bir platforma" diýip jogap berdi.

Ýens Stoltenberg, Ankara S-400, Gündogar Ortaýer deňizi we bosgun ýaly meseleler babatynda aladalaryny ýetirendiklerini belläp: "Emma häzirki wagtda Türkiýäniň möhüm bir hyzmatdaşdygyna göz ýetirmelidiris. Diňe karta seredip hem şoňa göz ýetirip bilersiňiz. Esasan hem Yrak we Siriýa bilen serhetdeş bolanlygy, DAIŞ-e garşy göreşde ýeten sepgitleri, sebitde DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan sebitlerde millionlarça adamyň azat edilmeginde, insfrastruktura ulgamlary we Türkiýedäki howa menzilleriniň aýratyn ähmiýeti bar" diýip habar berdi. 
 



Degişli Habarlar