ÝB, Husileriň Saud Arabystanyna Guran Hüjümlerini Ýazgardy

ÝB, Ýemende çaknyşýan taraplara hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýär

1597675
ÝB, Husileriň Saud Arabystanyna Guran Hüjümlerini Ýazgardy

 

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýolbaşçysy Borreliň ofisinden berlen beýannamada, Husileriň Saud Arabystanyna garşy roketalar we uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümleriň ýazgarylýandygy, mundan başgada Ýemeniň paýtagty Sanada Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçlerine guralan hüjümlere alada bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň kabul edilmejekdigi nygtaldy we ÝB-niň Ýemende çaknyşýan taraplara hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýändigi bellenildi.

Beýannamada, halkara jemgyýetçiliginiň Ýemendäki çaknyşyklaryň syýasy taýdan çözülmegi üçin edilýän tagallalary bökdemezligi islendi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, Saud Arabystanyna balistiki roketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandyklaryny habar beripdi.

Saud Arabystany hem nebitiň gatnawy taýdan esasy orun eýeleýän iň uly portlardan biri bolan “Ras Tanura” portuna we Saudi Aramko desgalaryna hüjüm guralandygyny mälim edipdi.


Etiketkalar: #çagyryş bermek , #Ýemen , #ÝB

Degişli Habarlar