Müňlerçe ysraýylly Netanýahu garşy protest geçirdi

Resmi KAN habarlar gullugy geçirilen protestler barada beýanat berdi

1596450
Müňlerçe ysraýylly Netanýahu garşy protest geçirdi

Ysraýylyň müňlerçe raýaty, Iýerusalim, Tel-Awiw we ýurdyň demirgazygyndaky Kaýsariýýe şäherlerinde geçiren protestlerinde, Premýer ministr Binýamin Netanýahunuň wezipesinden çekilmegini islediler. 

Resmi KAN habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, düýn Netanýahunyň Iýerusalimdäki öýüniň golaýynda ýygnanan protestçileriň bir bölegi, golaýdaky Premýer ministriň tarapdar toparlarynyň hüjümine sezewar galdylar. 

Tel-Awiw we Kaýsariýýe şäherlerinden hem geçirilen protestlerde, Netanýahunyň we hökümetiň eden galplyklaryna garşy şygarlar aýdyldy, "Netanýahu, hötdesinden gelip bilmediň, indi git", "Netanýahu, ysyň erbetleşip başlady, indi git" ýazylan ýazgyly şygarlar daşaldy. 

Ýurtda 23-nji martda guraljak umumy saýlawdan ozal geçirilen protestler eýýäm 37 hepde bäri dowam edýär. Kämahal hepdede 2 gezek geçirilýän protestlerde, Netanýahunyň galplyk etmegi bilen bagly gozgalan kazyýet işleri we Kowid-19 tapgyryndaky başarnyksyz dolanşyk sebäpli Netanýahunyň wezipesinden çekilmegi talap edilýär. 



Degişli Habarlar