Nigeriýada harby uçar ýere gaçdy

Nigeriýanyň paýtagty Abudža şäherinde esgerleri daşaýan harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 6 adam ýogaldy

1587795
Nigeriýada harby uçar ýere gaçdy

Ýurdyň paýtagty Abudža şäherindäki Nnamdi Azikwe howa menzilinden uçan harby uçar, howa menziliniň golaýynda näbelli bir sebäp bilen ýere gaçdy. 

Wakada uçaryň içindäki 6 esger ýogaldy.

Wakanyň bolan ýerine gönükdirilen ýangyn söndürijiler, hadysadan soň ýüze çykan ýangyny söndürmek üçin işe girişdiler. 

Nigeriýanyň Raýat awiasia ministri Hadi Sirika, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Harby uçar King Air, Abudža uçuş zolagynyň edil golaýyna ýere gaçdy. Ähilimiz sabyrly bolmalydyrys we ýurdyň goşunynyň geçirjek derňew işiniň netijelerine garaşmalydyrys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #esger , #uçar , #Nigeriýa

Degişli Habarlar