“Asuda Ilaty Goraýan Ýeke-Täk Halkara Güýç Türk Esgerleri”

“Nýu-Ýork Taýms” gazeti, millionlarça siriýaly üçin uly mümkinçilik hödürleýän ýeke-täk ýurduň Türkiýedigini ýazdy

1585325
“Asuda Ilaty Goraýan Ýeke-Täk Halkara Güýç Türk Esgerleri”

 

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän köp tiražly “Nýu-Ýork Taýms” gazeti, Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň zulumyndan gaçan millionlarça siriýaly üçin uly mümkinçilik hödürleýän ýeke-täk ýurduň Türkiýedigini ýazdy.

Siriýanyň Afrin şäherinde we şäheriň golaýyndaky bosgun düşelgelerine baryp gören “Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň habarçylary, Başar Asadyň hüjümlerinden gaçyp Türkiýe serhedine çenli gelen bosgunlaryň halkara kömege garaşýandygyny habar berdi.

Gazet, soňky döwürde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň bombaly hüjümlerine sezewar bolan Afrini we şäheriň Türkiýe serhediniň golaýyndaky bosgun düşelgeleriniň ýagdaýyny gürrüň berýän giň gerimli makala çap etdi.

2018-nji ýylyň 20-njy ýanwarynda Türk ýaragly güýçleriniň, sebiti terror guramasy ÝPG/PKk-dan saplamak üçin başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyna hem ýer berlen makalada,  “Şu günki günde Türk ýaragly güýçleri tarapyndan goralýan siriýalylar, ähli kynçylyklara garamazdan türkleriň ol ýerde iş alyp barmagyndan hoşal” diýildi.

Şarlotta Gall tarapyndan ýazylan makalada, “ Siriýadaky içerki uruş 10 ýyldan bäri dowam edýär. Türkiýe bolsa 5 milliona barabar ýurtlaryndan juda düşen we goragsyz asuda ilaty goraýan ýeke-täk halkara güýç” diýilýär.



Degişli Habarlar