Afrika materiginde Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 95 müň 648 adama ýetdi

Koronawirus epidemiýasy Afrika ýurtlarynda howply bolmagynda galýar

1579856
Afrika materiginde Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 95 müň 648 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kowid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 336 müň 480 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 107 million 11 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 79 million adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 155 müň 195 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 847 nüň 790 adama ýetdi.

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 95 müň 648 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 701 müň 290 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Marokkoda 8 müň 408 adama, Tunisde 7 müň 257 adama, Liwanda 3 müň 677 adama, Alžirde 2 müň 918 adama, Palestinada 2 müň 79 adama, Nigeriýada 1 müň 667 adama ýetdi. 

Ysraýyl bilen Gresiýanyň arasynda Kowid-19 sanjymy bolan raýatlaryň iki ýurdyň arasynda hiç hili çäklendirme bolmadan syýahatçylyk etmegi üpjün edýän syýahatçylyk ylalaşygy baglaşyldy. 



Degişli Habarlar