Gruziýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi

Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawit Zalkaliani, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Türkiýäniň özlerine uly kömek berendigini habar berdi

1554378
Gruziýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi

Daşary işler ministri Dawit Zalkaliani, paýtagt Tbilisi şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän gowy derejededigini beýan etdi.

Ýurdunyň NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen dowam edýän integrasiýa etabynyň üstünde durup geçen Zalkaliani, Gruziýa üçin bu meseleleriň örän möhümdigini habar berdi. 

Zalkaliani, Gruziýanyň goňşy ýurtlar bilen gowy gatnaşyklar saklaýandygyny belläp, Türkiýe, Azerbaýjan we Ermenistan bilen bu ugurda möhüm ädimler edendigini aýan etdi. 

Türkiýe bilen Gruziýanyň iki goňşy, dost we strategik hyzmatdaşlardygyny aýdan Zalkaliani, şu ýyl koronawirus epidemiýasyna garamazdan iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän položitel häsýetde özgermäge dowam edendigini mälim etdi. 

Zalkaliani: "Şu ýyl hem Türkiýe bilen biziň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz örän netijeli geçdi. Bu ýerde aýratyn hem belläp geçmek isleýärin, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Türkiýä bize uly kömek berdi. Goňşymyza aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Gruziýa

Degişli Habarlar