Peskow Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Russiýanyň döwlet telewideniýesi "Rossiýa 1" kanalyna beýanat beren Peskow, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

1552810
Peskow Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary barada beýanat berdi

Russiýanyň Döwlet baştutanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň konstruktiw garaýyşlarynyň jedelleşikli ýagdaýlarda utgaşykly çözgütleriň tapylmagyna kömek berýändigini habar berdi. 

Russiýanyň döwlet telewideniýesi "Rossiýa 1" kanalyna beýanat beren Peskow, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça özgerýändigini aýdan Peskow, Putin bilen Erdoganyň biri-birine hormat goýandygyny beýan etdi. 

Peskow, Türkiýäniň we Russiýanyň geosyýasy güýçdigini belläp: "Sebitdäki iki beýik ýurt bolan Russiýa we Türkiýe, howpsuzlyga we durnuklylyga goşant goşup biler we goşant hem goşmalydyrlar. Iki ýurt, iň bolmadan söweşleriň bolmazlygy üçin bilelikde tagalla edip bilerler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar