Kowid-19 dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 54 million 593 müň adamdan geçdi

1549570
Kowid-19 dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 709 müň 11 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 77 million 718 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 54 million 593 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 146 müň 145 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 75 müň adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Iordaniýada 3 müň 604 adama, Kuweýtde 922 adama, Bahreýnde bolsa 349 adama ýetdi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 429 adamlyk artyş bilen 59 müň 624 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 16 müň 599 adamlyk artyş bilen, 2 million 540 müň 280 adama ýetdi. Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrikada 24 müň 907 adama, Müsürde 7 müň 130 adama, Marokkoda bolsa 7 müň adama ýetdi. 


Etiketkalar: #dünýä , #Afrika , #Hindistan

Degişli Habarlar