Owganystanyň Gazna welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Gazna welaýatynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 15 adam ýogaldy

1548029
Owganystanyň Gazna welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Taryk Arýen metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Gazna welaýatynyň Geýlan etrabynyň Agujan obasynda geçirilen Gurhanyň hatym dabarasynda 3 tigirli motosikle ýerleşdirilen bomba bilen hüjüm guralandygyny mälim etdi. 

Taryk Arýen hüjümde asuda ilatdan 15 adamyň ýogalandygyny, 20 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar