Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 75 million 345 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 52 million 905 müň adama ýetdi

1547798
Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 75 million 345 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 669 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 75 million 345 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 52 million 905 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 144 müň 829 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 9 million 979 müň 447 adama ýetdi. 

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýsy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 383 adamlyk artyş bilen, jemi 57 müň 910 adama ýetdi. Materikde hasaba alynanlaryň sany bolsa soňky 1 günde 20 müň 279 adamlyk artyş bilen, 2 million 646 müň 185 adama ýetdi. Materikde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrikada 24 müň 11 adama, Müsürde 7 müň 15 adama, Marokkoda bolsa 6 müň 804 adama ýetdi.

Palestinada koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna çenli köçä çykmak gadagançylygy girizildi. 

Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Indoneziýada 19 müň 390 adama, Yrakda 12 müň 650 adama, Pakistanda 9 müň 164 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar