Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 473 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany 43 million 985 müň adama ýetdi

1537255
Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 473 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1million 473 müň adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 63 million 590 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 43 million 985 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 482 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 137 müň 659 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 31 müň 563 adamlyk artyş bilen, jemi 9 million 463 müň 254 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Liwanda 1 müň 18 adama, Tunisde bolsa 3 müň 260 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli jemi 341 adamyň ýogalan, soňky 1 günde bolsa adam ýitgisi çekilmedik Bahreýnde, wirusa ýoluganlaryň sany 86 müň 956 adama ýetdi. 

Günorta Koreýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 451 adam artyp, jemi 34 müň 652 adama ýetdi. 

Hytaýda soňky 1 günde koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi çekilmedi, wirus ýokanlaryň sany bolsa 12 adam artyp, jemi 86 müň 542 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar