Ýemende 12 Milliondan Gowrak Çaga Kömege Mätäç

5 ýaşyna ýetmedik 325 müň çaga hem ýeterlik derejede iýmitlenmeýär

1533277
Ýemende 12 Milliondan Gowrak Çaga Kömege Mätäç

 

Ýemende gytlyk sebäpli 12 milliondan gowrak çaga kömege mätäç.

BMG-nyň Çagalara ýardam düzüminiň başlygy Henrietta Fore mesele hakyndaky beýannamasynda, Ýemende soňky ýyllarda gytlygyň başdan geçirilýändigini nygtady.

Fore, “Gytçylyk sebäpli Ýemende 12 milliondan gowrak çaga kömege mätäç” diýip belledi.

Fore, 5 ýaşyna ýetmedik 325 müň çaganyň ýeterlik derejede iýmitlenmeýändigine ünsi çekdi.

5 milliondan gowrak çaganyň bolsa ýokanç kesellere sezewardygyny nygtaldy.


Etiketkalar: #çaga , #gytlyk , #Ýemen

Degişli Habarlar