Donald Tramp ýurdyň Ýokary Kazyýetine ýüz tutdy
Saýlaw kampaniýasyndaky topar bolsa Trampyň Federal kazyýetdäki kazyýet işinde ýeňilmegi sebäpli, Ýokary Kazyýete ýüz tutulandygyny habar berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Prezident wezipesine saýlanan Jo Baýdeniň üstünlik gazanan ýurdyň Pensilwaniýa ştatynda, saýlawlarda galplyk edilendigi sebäpli netijeleriň tassyklanmazlygy üçin Federal Kazyýetde gozgan kazyýet işinde ýeňilmeginden soň, Ýokary Kazyýete ýüz tutdy.
Pensilwaniýanyň Federal kazyýeti, Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň ştatdaky saýlawyň netijelerinde galplyk edilenligi sebäpli tassyklanmazlygy üçin gozgan kazyýet işini hakyky subutnama görkezilmänligi sebäpli ret etdi.
Saýlaw kampaniýasyndaky topar bolsa Donald Trampyň Federal kazyýetdäki kazyýet işinde ýeňilmegi sebäpli, Ýokary Kazyýete ýüz tutulandygyny habar berdi.
Ýeňlişini kabul etmeýän Tramp, Jo Baýdeniň üstün çykan ýurdyň tankydy şatatlaryndada galplyk edilenligi sebäpli gozgan kazyýet işleriniň aglabasynda ýeňildi.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy