ÝB, Belarusa Goýan Sanksiýalarynyň Göwrümini Giňelder

"Belarus hökümeti sanksiýalara garamazdan oppozisionerlere basyş etmäge dowam edýär"

1530980
ÝB, Belarusa Goýan Sanksiýalarynyň Göwrümini Giňelder

 

ÝB-niň Daşarky syýasatdan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel, Belarusa goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldiljekdigini aýtdy.

Borrel, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Borrel beýannamasynda, Belarusa goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilip bilinjekdigini aýtdy.

Belarusda awgust aýynda geçirlen saýlawdan soň, Prezident Aleksander Lukaşenko bilen birlikde 50-den gowrak ýolbaşça sanksiýa goýan ÝB-niň, şu günki güne çenli diňe şahyslara sanksiýa goýandygyny aýdan Borrel, sanksiýa sanawyna käbir guramalar bilen firmalaryň hem goşuljakdygyny ýatlatdy.

Borrel, Belarus hökümetiniň sanksiýalara garamazdan oppozisionerlere basyş etmäge dowam edýändigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar