Moldowada geçirilen Prezident saýlawynyň gutarnykly bolmadyk netijesine görä Maia Sandu üstün çykdy

Moldowada Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda, gutarnykly bolmadyk netijä görä, Günbatar tarapdary bolan Maia Sandu, sesleriň aglabasyny alyp, ýurdyň ilkinji zenan Prezidenti boldy

1528721
Moldowada geçirilen Prezident saýlawynyň gutarnykly bolmadyk netijesine görä Maia Sandu üstün çykdy

Garaşsyz dalaşgär Igor Dodon bilen PAS partiýasynyň lideri, ýurdyň ozalky Premýer ministri Maia Sandunyň özara bäsleşen saýlawda, sesleriň 99,91 göterimi sanaldy. 

Moldowanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň beýan eden gutarnykly bolmadyk netijä görä, daşary ýurtda ýaşaýanlar bilen birlikde 3 million 287 müň 140 saýlawçy bolan ýurtda, saýlawa gatnaşyk 52,78 göterim boldy. 

Sandu sesleriň 57,71 göterimini alan bolsa, Dodon sesleriň 42,29 göterimini aldy. 

Gutarnykly netijäniň 3 günüň içinde aýan edilmegine garaşylýar. 

Saýlawda üstün çykan dalaşgär 45 günüň içinde kasam edip, Prezident wezipesine başlar. 

Moldowanyň häzirki Prezidenti Igor Dodon, wezipe möhlediniň dolmagy sebäpli 1-nji noýabrda Prezident saýlawy geçirilipdi. 

Saýlawyň 1-nji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç biriniň sesleriň 50 göterimden gowragyny almanlygy sebäpli, 2-nji tapgyr saýlaw geçirilipdi. 

Ýurtda düýn Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry geçirilipdi. 

Beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşigi, Moldowada geçirilen Prezident saýlawynda üstün çykan Maia Sanduny gutlady.


Etiketkalar: #saýlaw , #Prezident , #Moldowa

Degişli Habarlar